Berliniň we beýleki nemes şäherleriniň söwda nokatlarynyň eýeleri ogurlygyň köpelýändigi bilen baglylykda, kofäni tekjelerden aýryp gizleýärler. Bu barada «Bild» neşirine salgylanýan «rg.ru» habar berdi.
Kofe däneleriniň bahasynyň 12 göterim gymmatlamagy bilen bagly, harydyň bu görnüşiniň ogurlygy dükanlarda görülmedik derejä ýetdi we dükanlar indi ony gizlemäge mejbur bolýarlar. Şunda dükanlaryň birnäçesi kofeniň diňe fotosuratyny ýerleşdirýän bolsa, beýlerkiler aýnanyň aňyrsynda goýup satýarlar.
Germaniýanyň paýtagtynda dükan ogrularynyň ýetirýän zyýany geçen ýylda 200 million ýewro golaý bolupdyr. «Şeýle derejedäki ogurlyk bölek söwda dükanlarynyň işine çynlakaý howp salýar» diýip, «Bild» gazeti ýerli dükan eýeleriniň biriniň sözüni getirýär.
