Şweýsariýanyň Milli banky (SNB) raýatlaryň ählisiniň gatnaşmagynda täze banknotlaryň dizaýny boýunça bäsleşik yglan etdi. Onuň jemleri ýene iki ýyldan belli ediler. Täze kagyz pullaryň nähili görnüşde boljakdygy heniz belli däl. Bäsleşigiň şertleri boýunça dizaýnda ýurduň tebigaty şöhlelenmelidir diýip, «20min.ch» portalyna salgylanýan «rg.ru» ýazýar.
SNB baş maliýe edarasynyň ýolbaşçysy Matin Şlegeliň sözlerine görä, banknotlaryň täze goýberilişiniň temasy Şweýsariýanyň beýik daglary bolar. Her pul birliginde adamlaryň dürli belentliklerde tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýşy görkezilmelidir. Mysal üçin, ady tutulan sebitdäki binalar, ykdysady pudaklar ýa-da däp-dessurlar beýan edilip bilner.
Bank kagyz pullaryň bezegi babatda ilatyň pikirlerini onlaýn pikir soralyşyk esasynda öwrener. Bäsleşigiň jemleri 2026-njy ýylda yglan ediler.
Ulanyş möhleti 15 ýyla deň bolan köne pullar kem-kemden dolanyşykdan aýrylar.

