Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda 11-nji oktýabrda duşuşyk geçirildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow pakistanly kärdeşine Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi hem-de Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma işjeň gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirip, onuň bu saparynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmakda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti halkara forumyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berip, şeýle çäreleriň medeni-ynsanperwer ulgamdaky döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolan pursatyndan bäri Pakistanyň ynamdar hyzmatdaş bolmak bilen, türkmen döwletiniň hoşniýetlilik ýörelgesine hemişe goldaw berip gelýändigini, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge işjeň ýardam berýändigini belledi.
Duşuşykda Türkmenistanyň döwlet Baştutany türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin Prezident Asif Ali Zardarä minnetdarlyk bildirdi.
"Biz Pakistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hemişe ygrarlydyrys. Asyrlardan gözbaş alýan dost-doganlyk däpleri we özara bähbitli hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri bu gatnaşyklaryň esasyny düzýär" diýip, Türkmenistanyň Prezidenti söhbetdeşligiň barşynda aýtdy.

