Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýakyn Gündogar ýurtlaryň departamentiniň direktory Ýazguly Mämmedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al Hamel bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar Birleşen Milletler Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ygtybarly daşary syýasy gepleşikleriň we özara goldawyň döredilendigi barada aýratyn nygtap geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, geljekde iki ýurduň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alşyldy.

