Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň binasynda Saitama prefekturasynyň Fujimino şäheriniň Fukuoka orta mekdebiniň okuwçylary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk ýapon okuwçylaryny 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygarynyň çäklerinde Türkmenistanyň medeni we taryhy aýratynlyklary bilen tanyşdyrmak maksady bilen geçirildi.
Ilçihananyň resmi saýtynda berilýän habara görä, çäräniň barşynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň Gündogar halklarynyň medeni mirasyny we däp-dessurlaryny ösdürmekdäki orny barada beýan edildi.
Ýapon okuwçylaryna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen-ýapon dostlukly gatnaşyklarynyň ösüşi barada hem maglumat berildi.
Türkmen halkynyň däp-dessurlary barada gyzykly maglumatlar, şol sanda hem täze «akylly» Arkadag şäheriniň döredilmegi gatnaşyjylaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow ýaş myhmanlaryň gyzyklanmasy we işjeňligi üçin minnetdarlygyny bildirip, olara ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdy. Çäräniň ahyrynda çagalara milli tagamlar hem hödür edildi.
Bu duşuşuk medeni alyş-çalyşyň, bilim we özara düşünişmek arkaly halkara gatnaşyklaryny berkitmegiň möhümdigi subut etdi diýlip, habarda bellenilýär.

