Türkiýe BRIKS guramasyna girmek üçin resmi arza berdi diýip, «Reuters» habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» ýazýar.
Neşiriň ýazmagyna görä, Türkiýe şeýle etmek bilen, dünýäde täsirini artdyrmaga hem-de ösýän ýurtlar bilen gatnaşyklaryny giňeltmäge çalyşýar diýip, daşary ýurt habar beriş serişdeleri ýazýar. BRIKS guramasynyň çägini giňeltmek meselesine 22-24-nji oktýabrda Kazan şäherinde geçjek sammitde garalar.
BRIKS guramasy 2006-njy ýylda Braziliýa, Russiýa, Hindistan we Hytaý tarapyndan döredildi. Oňa soňra dürli ýyllarda GAR, Müsür, Eýran, Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany we Efiopiýa goşuldy.

