Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polietilen önümini, Owganystanyň telekeçileri bolsa «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar.
Mundan başga-da, BAE-niň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine dokma önümleri, nah ýüplük, dokma önümçiliginiň galyndylaryndan dikeldilen süýüm ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 110 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 3 million 364 müň manatdan gowrak bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), float aýnasyny, el halylaryny, arassalanan nah galyndylaryny satyn aldylar diýlip, habarda bellenilýär.

