Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanynda iş alyp barmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Işewüriň belleýşi ýaly, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň gurluşygynyň özüniň ýolbaşçylyk edýän “Rönesans Holding” kompaniýasyna ynanylmagy bu kompaniýa üçin uly mertebedir. Pursatdan peýdalanyp, Erman Ylyjak Gahryman Arkadagymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Şeýle hem işewür Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Gahryman Arkadaga we Arkadagly Gahryman Serdara mähirli salamyny ýetirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkiýäniň Prezidentine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň türkmen bazaryndaky köpýyllyk netijeli işini belläp, geçen ýyllaryň dowamynda bu kompaniýanyň özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezendigini, onuň durmuşa geçiren taslamalarynyň halkara hil standartlaryna doly laýyk gelýändigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki duşuşygyň hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşmak we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin mümkinçilik berjekdigine ynam bildirildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar okgunly ösdürilýän hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Muňa iki ýurduň halklarynyň, taryhy, medeni we dil umumylygy hem oňyn ýardam edýär.
Şunda hususy ulgamdaky netijeli türkmen-türk hyzmatdaşlygyna üns çekildi. Bu ugurda hyzmatdaşlygyň oňyn baý tejribesi toplanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda iri taslamalaryň amala aşyrylmagyna, hususan-da, şähergurluşyk, şeýle hem nebitgaz we himiýa senagaty ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň işine ýurduň ýokary baha berýändigini hem-de toplanan baý tejribäni hasaba almak bilen, Türkmenistanyň geljekde hem hyzmatdaşlygy giňeltmäge we anyk tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.
Işewür bildirilen ýokary ynam üçin hoşallygyny aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn-borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda şu ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň ähmiýetine üns çekildi.
Duşuşygyň ahyrynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara bähbitli netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Soňra “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadaga kompaniýa ynanylan taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi hem-de kompaniýa tarapyndan işlenip taýýarlanylan ak mermerli Aşgabatda täze häzirki zaman Söwda merkeziniň binalar toplumynyň taslamalaryny görkezdi.
Bellenilişi ýaly, “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň hünärmenleri täze Söwda merkeziniň gurluşygy we ony enjamlaşdyrmak baradaky degişli maglumatlary taýýarladylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilen taslamalar bilen içgin tanyşdy.
Işewür gymmatly maslahatlar üçin Gahryman Arkadaga hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

