Tatarystan Respublikasynyň Reýisi Rustam Minnihanow sosial ulgamlarda türkmen alabaýy Akdusyň suratyny paýlaşdy. Suratda alabaý çägeli kenarda ýatyr.
Onuň ady tatarça bolup, türkmen diline terjime edilende «Ak dost» diýen manyny berýär.
Akdus heniz kiçijek güjük mahaly 2021-nji ýylda Halkara Ahalteke atçylyk hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýalarynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlipdi.
Ozal Akdusyň «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony bolandygy barada habar berilipdi.

