Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Mawrikiý Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Heswar Jankeden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly işinde oňa üstünlikleri arzuw etdi.
Diplomat hoşniýetli arzuwlar we türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Mawrikiý Respublikasynyň Prezidentiniň mähirli salamyny, Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Ilçi parahatçylyk söýüjilikli syýasatyň durmuşa geçirilmegi, oňyn başlangyçlaryň öňe sürülmegi esasynda ýokary halkara abraýa eýe bolan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtady.
Söhbetdeşligiň dowamynda Mawrikiý Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler bilen baglylykda, milli parlamentiň işi bilen tanyşdyryldy.
Duşuşygyň ahyrynda Mawrikiý Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Heswar Janke dostlukly gatnaşyklary, netijeli döwletara dialogy ösdürmek üçin ähli tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

