Singapur Respublikasynyň Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 19 — 23-nji awgusty aralygynda «Bilim syýasatyny işläp düzüjiler üçin bilimiň transformasiýasy: Singapuryň tejribesi» atly okuw maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň uly ylmy işgäri O.Berdiýew gatnaşdy.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, okuw maslahatynyň esasy maksady Singapuryň bilim ulgamynyň öňünde durýan wajyp wezipeleri, şol sanda okuwçylaryň başarnyklaryny we olaryň mekdepde hem-de geljekde üstünlik gazanmak isleglerini berkitmek boýunça mümkinçilikleri öwrenmekden ybarat boldy.
Dünýäniň 30-a golaý döwletiniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu okuw maslahatynda hormatly mugallymlaryň eden çykyşlary ýokary derejesi bilen tapawutlandy. Olaryň görkezen elektron tanyşdyrmalary maglumatlara we täsirli pikir alyşmalara baý boldy.
Okuw maslahatynda beýan edilen mowzuklarda bilimiň ösüş depginlerine giňişleýin düşündirişler berildi. Singapuryň bilim ulgamyny dolandyrmaga ulgamlaýyn çemeleşmek, orta mekdep ulgamynda okatmagyň we ýolbaşçylygyň hilini ýokarlandyrmak üçin alnyp barylýan innowasiýa we özgertmeler syýasaty hem-de tejribesi barada täsirli çykyşlar edildi.
Habarda bellenilişi ýaly, okuw maslahaty halkara tejribesini öwrenmek, seminarlary guramak, bilim edaralaryna baryp görmek we toparlaýyn özara pikir alyşmak ýaly dürli görnüşlerde alnyp baryldy.
Okuw maslahaty gatnaşyjylaryň halkara bilim ulgamynda tejribelerini çuňlaşdyrmaga ýardam etdi. Şeýle hem, olara halkara nusgadaky degişli şahadatnamalar gowşuryldy diýlip, habarda bellenilýär.
