Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän 3-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde geçen okuw ýylynyň netijeleri we ýetip gelýän 2024-2025-nji okuw ýylynyň esasy wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda çykyş edenler ýurduň ösüşiniň esasy hökmünde bilimiň baş ornuny bellediler, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda gazanylan üstünlikleri we öňde boljak meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ýaş nesliň sanly döwrüň talaplaryna we milli ykdysadyýetiň zerurlyklaryna laýyk gelýän häzirki zaman bilimi almagy üçin ähli şertler döredilýär.
Her ýyl bilim pudagynyň maddy we tehniki binýady berkidilýär, iň gowy dünýä tejribesi öwrenilýär we durmuşa geçirilýär, daşary ýurtlaryň bilim we ylmy merkezleri bilen gatnaşyklar ösdürilýär diýlip, habarda bellenilýär.

