Ertir, 15-nji awgustda Gyrgyzystanda Çolpon-Ata şäherinde sambo boýunça Dünýä kubogy geçiriler. "Gazprom" sport toplumynda geçiriljek ýaryşlara Türkmenistandan 29 türgen gatnaşar.
Ýaryş aýallaryň we erkekleriň arasynda sport hem-de söweşjeň sambo görnüşleri boýunça geçiriler.
Türkmen samboçylary ýakynda - 2024-nji ýylyň 29-30-njy iýunynda Makaoda geçirilen Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň çempionatynda ussatlygyny görkezmegi başardylar. Şol ýaryşda olar 21 medal, şol sanda 2 altyn, 6 kümüş we 13 bürünç medal aldylar.
Dünýä kubogynyň tutluşyklary 17-nji awgustda tamamlanar.

