Milli iýen pulunyň bezegini 20 ýyl bäri üýtgewsizligine saklap gelýän Ýaponiýanyň Banky dolanyşyga täze kagyz pullary goýberdi. Bu barada bankyň metbugat gullugy habar berdi diýip, «NHK» teleýaýlymyna salgylanýan «Iz.ru» ýazýar.
Täze pullar 3D gologramma bilen üpjün edilip, ol galp pullara garşy göreşmek üçin ulanylýar. Banknotlarda ýasamak kyn bolan täze görnüşdäki ýörite şekil ýerleşdirilipdir.
Hümmeti 10 müň iýen bolan kagyz pulda ýapon kapitalizminiň atasy hasaplanýan işewür Sibusawa Eýitiniň keşbi, 5 müň iýenlik pulda ilkinji bolup daşary ýurtda bilim alan ýaponiýaly zenan mugallym Suda Umeko şekillendirilipdir.
1 müň iýenlik pulda bolsa, bürmek keselini bejermegiň ilkinji bolup usulyny işläp düzen bakteriolog alym Kitasato Sibasaburonyň keşbi orun aldy. Puluň arka ýüzünde «Kanagawadaky uly tolkun» diýen grawýura eseriniň göçürmesi ýerleşdirilipdir.
Ýaponiýanyň Hökümeti we Banky öňdäki ýylyň martyna çenli pullaryň 7,48 milliardyny çap etmegi meýilleşdirýär.

