«Tornado awçysy» lakamy bilen meşhur bolan amerikaly gözlegçi Jorj Kurunis 5-6-njy iýunda Arkadag şäherinde geçiriljek energetikany ösdürmegiň geljegine, täze tehnologiýalara we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň ekologik taraplaryna bagyşlanan «TESC-2024» halkara ylmy-amaly maslahata sanly ulgam arkaly gatnaşar.
«Munuň sebäbi ABŞ-da tornado möwsüminiň başlanmagy bolup, häzir Jorj Kurunisiň tornadolaryň merkezinde bolmak üçin öz ýurdunda galmagy gerek. Şonuň üçin hem ol «TESC-2024-e» soňky açyşlaryny paýlaşmak we ýetip gelýän ekspedisiýalary barada gürleşmek üçin, maslahatda onlaýn usulda çykyş eder» diýip, «nCa» portaly habar berýär.

Bütindünýä ylmy jemgyýetçiligi we başdan geçirmeleriň höwesjeňleri meşhur gözlegçi Jorj Kurunisiň Türkmenistana ekspedisiýa bilen gaýdyp geljekdigi baradaky täsirli habarlara sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Onuň 5-6-njy iýunda Arkadag şäherinde geçiriljek «TESC-2024» halkara ylmy-amaly maslahatynyň bölümçesinde çykyş etmegi ýylyň iň ýatda galyjy wakalarynyň biri bolar.

Ýeri gelende bellesek, ylmy gözlegçi we telealypbaryjy Jorj Kurunis 2013-nji ýylda Derwezedäki «Garagum ýalkymy» atly ýanyp duran gaz krateriniň düýbüne gadam basan ilkinji adam boldy. Şol ekspedisiýa «National Geographic Society» (ABŞ) tarapyndan maliýeleşdirilip, «National Geographic» teleýaýlymy tarapyndan tomaşaçylara ýetirilipdi. J.Kurunis we onuň topary toprak nusgalaryny almak we bu agyr şertlerde durmuş alamatlaryny gözlemek üçin ýanyp duran gaz krateriniň içinde gözleg işlerini geçirdiler. Ekspedisiýa şowly boldy: gözlegçiler möhüm ylmy açyşa öwrülen we adaty bolmadyk mikroorganizmleriň birnäçe görnüşini tapdylar.
Öňde boljak maslahatda Jorj Kurunis Derwezedäki ýanyp duran gaz krateriniň geljegi we soňky wagtlara bolup geçen üýtgeşmeler barada söhbet eder. Şeýle-de ol bu krateri öwrenmek üçin ýene bir ylmy ekspedisiýa geçirmegiň möhümdigini nygtaýar. Täze ekspedisiýanyň esasy maksady, krater öçmezden ozal ekstrofil mikroblar barada gymmatly maglumatlary ýygnamak bolar.

