Milliarder, işewür Ilon Mask özüni gelmişek, ýagny başga planetadan Ýere gelen diýip atlandyrdy. Yzysüre özüne hiç kimiň ynanmaýandygy barada Pariž şäherinde geçen maslahatda aýtdy diýip, «MIR 24» ýazýar.
Mask:«Men gelmişek. Emma maňa hiç kim ynananok» diýip, başga planetalylaryň Zemine gelýändiklerine ynanýaňmy diýen sowala degişme bilen beren jogabynda aýtdy.
Onuň pikiriçe, adamlar älemde ýeke-täk aňly-başly ýaşaýyş görnüşidir. Milliarder munuň bütin galaktikada hem şeýle bolmagynyň mümkindigini sözüniň üstüne goşdy.
«Adamlar menden Ýere başga planetalylaryň yzygiderli gelýändiklerine ynanýaňmy diýip, köp soraýarlar. Emma men munuň hiç hili subutnamasyna duşmadym. Eger bar bolsa, internetde goýardym» diýen Maskyň sözlerini «Euronews» getirýär.
