Birleşen Milletler Guramasynyň klassifikasiýasyna laýyklykda, Türkiýe gartaşan ilatly ýurtlaryň toparyna girdi.
Häzirki wagtda Respublikanyň tutuş ilatynyň (85 million) arasynda ýaşy 60 we ondan ýokary bolan adamlaryň sany 10,2 göterime ýetdi we 8 722 806 adamy düzdi diýip, «Trend» ýazýar.
BMG-niň tertibine laýyklykda, ilatyň düzüminde ýaşy 60 we ondan geçýän adamlaryň sany 10 göterimden geçse, ol ýurtlar demografiki taýdan gartaşan ýurtlar hasap edilýär.
Alymlar ilatyň ösüş depgini pes bolmagynda galsa, Türkiýäniň ilatynda gartaşan adamlaryň sany 2030-njy ýylda 1,29 göterime ýeter. 2040-njy ýylda bu görkeziji 16,3 we 2060-njy ýylda 22,6 göterime deň bolar diýip çaklaýarlar.

