Täjigistan GDA agza ýurtlaryň arasynda ilat sanynyň artyşy boýunça birinji orny eýeledi. Soňky 30 ýylda Respublikada ilat iki essä golaý köpeldi diýip, «MIR 24» ýazýar.
Bäş ýylda paýtagtda çaga dogluşy 80 göterim ýokarlandy, bütin ýurtda-da ýagdaý şeýle. Ýurtda ilatyň ortaça ösüşi ýylda 200 müň adama deň diýlip, habarda bellenýär.
Täjigistanda 10 million 277 müň adam ýaşaýar. Olaryň ýarsyndan gowragy erkekler. Ilatyň köpelişi boýunça Täjigistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda ilkinji orna çykdy.
Şeýle-de Täjigistan GDA-da iň «ýaş» ýurtdur, ilatyň 71 göterimi 30 ýaşa çenli. Hünärmenler Respublikada köp çagaly maşgalalary döretmek däbiniň dikelýändigini belleýärler.
Ömrüň dowamlylygy hem artdy. Soňky ýyllarda Täjigistanda ol bir ýarym essä golaý ýokarlandy. Erkeklerde ol 75, zenanlarda 78 ýaşa deňdir.

