Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow «Telegram» sosial sahypasynda türkmen alabaýy Akdusyň agşamky gezelenjinden surat paýlaşdy.
Respublikanyň Baştutany surata: «Akdusdan ähliňiziň agşamyňyz haýyrly bolsun!» diýip, teswir-arzuw goýdy.
Ozal Akdusyň «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony bolandygy barada habar berilipdi.
Onuň ady tatarça bolup, türkmen diline terjime edilende «Akdost» diýen manyny berýär. Akdus heniz kiçijek güjük mahaly 2021-nji ýylda Halkara Ahalteke atçylyk hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýalarynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlipdi.

