2025-nji ýyla çenli Germaniýada ýuridiki hyzmatdaşlygyň täze görnüşi — «jogapkärçilikli hyzmatdaşlyk» peýda bolar. Ol romantiki gatnaşyklary öz içine almaýar, ýöne adamlara özara ýardam etmek üçin birleşmäge mümkinçilik berýär. Bu barada Euro-pulse.ru saýty ýazýar.
«Jogapkärçilikli hyzmatdaşlyk» ýaşaýyş jaýyny bilelikde kärendesine alýan we gündelik meselelerde birek-birege kömek etmek isleýän pensiýadaky raýatlar hem-de ýeke ýaşaýan ene-atalar üçin elýeterli bolar.
Täze hyzmatdaşlyk nusgasynyň düzüminde alty adama çenli bolup biler. Ol dört derejeli ulgamy emele getirer. Hyzmatdaşlygyň agzalary ozal diňe är-aýal gatnaşyklary üçin elýeterli bolan birnäçe hukuklary alarlar: ýaşaýyş jaýynyň bilelikdäki kärendesiniň ýönekeýleşdirilen resmileşdirilişi, lukmançylyk resminamalarynyň hyzmatdaşlygyň beýleki agzalary üçin hem elýeterli bolmagy. Elýeterli bolan hukuklaryň sanawyny hyzmatdaşlaryň özleri saýlap bilerler.
«Jogapkärçilikli hyzmatdaşlygyň» miras galdyrmak bilen bagly kadalara täsir etmeýändigini bellemek gerek. Toparyň agzalarynyň biri aradan çykan halatynda emlägiň mirasdüşerleri merhumyň ýakyn garyndaşlary we çagalary bolar.

