Ispaniýanyň San-Bartalome-de-Pinares diýen şäherinde ýüz sany at 30 oduň üstünden bökdürildi.
Bu 500 ýyl töweregi ýaşy bolan ot arkaly saplanmak däbidir. Ol haýwanlaryň howandary keramatly Antoniniň gününiň öňýanynda geçirilýär. Ispanlar atlar otdan bökdürilenden soň tutuş ýyl kesellemeýär diýip, ynanýarlar.
Atlara zeper ýetirmezlik üçin olaryň ýallaryny we guýruklaryny örýärler ýa-da gyrkýarlar. Däpden soňra atlary weterinarlar gözden geçirýärler diýip, «MIR 24» ýazýar.

