Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ertir — 17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Türkmen alabaýy — 2023» atly zehinli talyplaryň döredijilik eserleriniň sergisi açylýar.
Sergide nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik, dizaýn, amaly-haşam sungaty boýunça milli miras bilen birlikde, türkmen alabaý itlerine degişli eserler görkeziler.

Sergide 200-den gowrak eser hödürlener.

Emin agzalary şu ýyl 29-njy oktýabrynda bellenilýän baýramçylygyň öňüsyrasynda bäsleşigiň netijelerini jemlärler.
Sergi sagat 15:00-da açylar.
Ozal biz Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikleriň geçiriljekdigi barada habar beripdik.

