Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygynda Türkmenistanyň käbir makroykdysady görkezijileri beýan edildi. Bu barada TDH ýazýar.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda umumy bahasy ABŞ-nyň 10 milliard dollaryndan gowrak bolan 200-e golaý desganyň gurluşygy alnyp barylýar we 2023-nji ýylyň 8 aýynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,2 göterime deň boldy. Ýurduň ykdysadyýetine gönükdirilýän her ýylky maýa goýumlarynyň möçberi jemi içerki önümiň 18-19 göterimine deňdir we şunda daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy olaryň jemi möçberiniň 12 göterimine çenlisini düzýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, strategik senagat — innowasiýa ösüş depgini maýa goýumlarynyň umumy möçberiniň 60 göterimden gowrak böleginiň önümçilik ulgamyna gönükdirilmeginiň hasabyna üpjün edilýär. Munuň özi senagatyň düzümini üýtgetmäge, importyň ýerini tutýan hem-de eksport ugurly önümçilikleri ösdürmegi çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär.
«Soňky ýyllarda Türkmenistanda ykdysadyýetimiziň gazhimiýa pudagynda birnäçe maýa goýum taslamalary amala aşyryldy. Olar ammiak, karbamid, polipropilen, polietilen, sintetiki benzin önümçiligi boýunça gurlan täze zawodlardyr» – diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

