Prezident Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda Arkadag şäherini 2024 – 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň konsepsiýasyny taýýarlamagy maksadalaýyk hasaplaýandygyny belledi. Bu barada TDH ýazýar.
Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde nusgalyk işler amala aşyrylýar. Ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, dolandyryş binalary, bilim we saglyk edaralary, söwda-dynç alyş merkezleri, seýilgähler gurlup ulanmaga berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, ýerli gurluşykçylar tarapyndan bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtda bina edilen Arkadag şäheri iri ylym-bilim, medeni we halkara hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrüler
Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halkara sylaglarynyň 21-sine mynasyp bolan bu ajaýyp şäheriň gurluşygynda «akylly şäher» konsepsiýasynyň kadalary, «ýaşyl tehnologiýalar» giňden ulanyldy hem-de şäheriň derejesi we ähmiýeti ýurduň kanunçylygynda hukuk taýdan berkidildi.
«Şunuň bilen baglylykda, dünýäde mynasyp orny eýelemegi üçin, Arkadag şäherini 2024–2052-nji ýyllarda ösdürmegiň konsepsiýasyny taýýarlamagy hem maksadalaýyk hasaplaýarys» diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

