Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% möçberde durnukly saklanýandygy belledi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, döwlet Baştutany:
— Durnukly ykdysady ösüş biziň uzakmöhletleýin strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalarymyzy hem-de özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys – diýip belledi.
Bellenilişi ýaly, döwlet maýa goýum syýasatynyň netijeliligini hem-de işjeňligini has-da ýokarlandyrmak üçin zerur işleri alyp barylýar şeýle hem gaýtadan işleýän we önüm öndürýän senagat pudaklaryny çalt depginler bilen ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberlerini yzygiderli artdyrylýar.
— Maksatnamalaýyn alnyp barlan bu işleriň netijesinde, şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 % möçberde durnukly saklanýar. Bu bolsa, ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň oýlanyşykly häsiýetini görkezýär – diýip, döwlet Baştutany belledi.

