Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji sentýabr güni agşam Täjigistana iş saparyny tamamlap, Duşenbe şäheriniň Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Aşgabada ugrady. Bu barada TDH habar berdi.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar garşyladylar.
Bu ýerde Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Duşenbede geçirilen giň gerimli sammitiň goňşy ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de sebitiň halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendigi bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, duşuşyklaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini, olaryň sebit ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine giň ýol açandygyny belläp, özara ynanyşmagyň durnukly ösüşiň esasy şerti bolup durýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Duşenbede geçirilen duşuşyklaryň sebitiň ýurtlarynyň arasynda dialogyň ösdürilmegine hem-de parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy beýik ýeňişleriň hem-de uly üstünlikleriň belent ynama esaslanýandygyny aýdyp, Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisine öz ýurdunyň döwlet Baştutanyna hem-de Hökümetine tüýs ýürekden minnetdarlygyny ýetirmek haýyşy bilen ýüzlenip, diplomata jogapkärli işinde öz üstüne ýüklenen wezipäni ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Täjigistana saparynyň barşynda, ilki bilen, Duşenbe şäheriniň Halkara howa menzilinde Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzada bilen gysgaça söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygy, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň awtoulag kerweni “Kasri Millat” köşgüne geldi. Köşgüň merkezi girelgesiniň ýanynda Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy, Duşenbe şäheriniň başlygy Rustam Emomali belent mertebeli myhmany mähirli garşylady. Köşgüň eýwanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Prezident Emomali Rahmon doganlarça mähirli garşylady. Birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Täjigistanyň döwlet Baştutany konsultatiw duşuşyga gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.
Soňra bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasy boldy.

