Halkara IT-академия ITEA sentýabr aýynyň dowamynda «Programmirlemegiň esaslary» okuwlaryna 50% arzanladyş yglan edýär.
Okuwlar kod ýazylanda ulanylýan düzgünleriň toplumyndan ybarat bolan programmirleme dilleri, olaryň artykmaçlyklary we kemçilikleri; maglumatlaryň görnüşleri (kompýuterde maglumatlary görkezmegiň usuly), şol sanda bitewi sanlar, ýüzýän nokatlaryň sanlar, süýşýän oturly sanlar, setirler, logiki aňlatmalar we beýlekiler bilen tanyşlygy öz içine alýar.
Programmirlemegiň esaslary – dürli iş ugurlarynda peýdaly bolup biljek möhüm başarnykdyr. Hususan-da, programmirlemegiň esaslaryny bilmek hususy programmalaryňyzy döretmäge, bu ugurda ýüze çykýan meseleleri çözmäge we kynçylyklardan üstünlikli baş alyp çykmaga, maglumatlar bilen işlemäge, şeýle hem toparyň düzüminde bolmaga mümkinçilikleri açýar.
Programmist hünäriniň karýerada üstünlik, ýokary we hemişelik girdeji gazanmak, şeýle hem döredijilik taýdan öz-özüňi kämilleşdirmek üçin mümkinçilikleri döredýändigini bellemek gerek.
«Programmirlemegiň esaslary» okuwy boýunça bilim almagyň möhleti – bir ýarym aý. Sapaklar hepdede iki gezek geçilýär. Ýaş derejesi: 15+
Okuwlara ýazylmak üçin şu salga ýüz tutuň.
