Azerbaýjanly 62 ýaşly pälwan Aliýar Musaýew iki külembikesinde üç ýük wagonyny süýräp milli rekord goýdy diýip, «MIR 24» habar berýär.
Barmaklaryny maýyşgak sargy bilen sarap, ol bir bulgur suw içdi-de işe girişdi. Aliýaryň rekordyny synlamak üçin çagalarydyr deň-duşlary geldiler.
Musaýew çagalygyndan bäri agyrlyklary götermegi halaýar. Emma bu gezek ol 75 tonna göterdi.
Aliýar Musaýew öz ýeňşini azerbaýjan halkynyň milli Lideri Geýdar Aliýewiň 100 ýyllyk ýubileýine bagyşlady.

