Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo Koreýa Respublikasynyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi diýlip, "Türkmenistan" gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalanýandygy we kämilleşýändigi guwandyryjydyr — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag hatynda belledi hem-de bu gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine, has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň ýolbaşçysynyň ýakynda Türkmenistana amala aşyran sapary hem gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna täze itergi berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ýun Sok Ýola we Milli Assambleýanyň Başlygy Kim Çžin Pýo berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Koreýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
