2020-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi şol ýylda hem özüniň resmi web saýtyny işe girizdi. Onuň sahypalarynda ýurduň senagat hem-de gurluşyk pudagynda durmuşa geçirilýän özgertmeler giňden şöhlelendirilýär.
micm.gov.tm resmi web saýtynyň sahypalarynda senagat we gurluşyk pudagyndaky täzeliklerdir habarlar, şeýle-de gurluşyk materiallarynyň önümçiligine hem-de durmuş we infrastruktura maksatly binalaryň gurlup ulanmaga berilmegine ýöriteleşen türkmen kärhanalarynyň alyp barýan işleri bilen tanşyp bolýar. Her kärhana we olaryň öndürýän önümleri boýunça aýratyn bölümler bardyr.
Şeýle-de saýtda çärýekleýin neşir edilýän ýöriteleşdirilen «Türkmenistanyň senagaty» žurnalynyň elektron nusgasy ýerleşdirilýär.
Şeýle-de okaň:
