«Tiffany» şaý-sep haryt nyşanynyň Nýu-Ýorkdaky flagman dükanynda ýangyn döredi diýip, «NBC» teleýaýlymynda habar berilýär.
Ordi Hepberniň baş keşbi janlandyrmagynda «Tiffanide» ertirlik» atly film çykandan soň bu dükan bütin dünýäde meşhurlyk gazandy. Ýerzemindäki transformatoryň näsazlygy ýangyna sebäp bolupdyr diýlip kesgitlendi. Ýangyn dükan açylmazdan öň, irden başlapdyr, şonuň üçin hem şol wagt dükanda hiç kim ýokdy.
«Tiffany» butiginiň ýarym milliard dollara golaý serişde sarp edilip, üç ýyl dowam eden giň gerimli abatlaýyş işlerinden soňra açylanyna ýaňy iki aý bolupdy.

