Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşyna taýýarlyk görmek mejlisiň esasy meselesi boldy. Şeýle hem onuň gün tertibine beýleki birnäçe meseleler girizildi.
Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa söz berildi. Ol şu ýylyň 22 — 27-njy iýuny aralygynda Aşgabatda ýokary derejede geçirilen Medeniýet hepdeliginiň jemleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda guralan bu döredijilik forumynyň çäklerinde dürli mowzuklaýyn çäreler, şol sanda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar geçirildi.
Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynyň we baý milli mirasynyň bardygyny belledi. Şunda bu mirasy düýpli öwrenmek, medeniýeti, sungaty ösdürmek we kämilleşdirmek, dünýäniň halklary bilen ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen wezipeleriň wajypdygyna üns çekildi. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralan çäreleriň her biri uly ähmiýete eýedir.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa TÜRKSOÝ guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň netijeleri barada hasabat berdi. Bu çärä gatnaşmak üçin Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Özbegistandan wekiliýetler, şeýle hem bu abraýly düzümiň Sekretariatynyň ýolbaşçylary Türkmenistana geldiler.
Degişli meýilnama laýyklykda, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy, şol sanda türki döwletleriň döredijilik toparlarynyň bilelikdäki konserti geçirildi. Bellenilişi ýaly, 28-nji iýunda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy bolar. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň bir toparyny TÜRKSOÝ-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli taýýarlanylan ýörite medallar bilen sylaglamak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli 30-njy iýunda Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda türki döwletleriň opera aýdymçylarynyň Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikdäki konsertini geçirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmeginiň döwletiň daşary syýasy strategiýasynda aýratyn orny eýeleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, halkara derejede bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň hem-de olara medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlaryň işjeň gatnaşmagynyň üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň biridigi nygtaldy. Türki döwletleriň guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň hormatyna guralan bu düzümiň Medeniýet hepdeliginiň Aşgabatdaky Medeniýet hepdeligi bilen gabat gelmegi aýratyn ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutany belledi.
Mejlisiň dowamynda wise-premýer 2024-nji ýylda Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Arkadag şäherinde nobatdaky Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy boýunça gurlan, sebitde deňi-taýy bolmadyk täze şäheriň açylmagy mynasybetli medeni çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.
Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Arkadag şäheriniň açylyşyna gabatlanan ähli çäreleriň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekip, ondan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Arkadag şäheriniň açylyşyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Ilki bilen, wise-premýer, ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisine gatnaşyjylaryň ählisiniň adyndan Türkmenistanyň Prezidentini we türkmen halkynyň Milli Liderini Gurban baýramy hem-de Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda döwrebap Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Dabaralara dünýäniň dürli ýurtlaryndan resmi, ýokary wezipeli adamlaryň, abraýly halkara guramalaryň, dünýäniň iri kompaniýalarynyň wekilleriniň, umuman, dürli derejedäki wekilleriň 300-den gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde we häkimliginde meýilleşdirilen çäreler barada habar berildi. Şolaryň barşynda halkara sylaglary gowşurmak dabarasy, Arkadag we Aşgabat şäherleriniň hem-de daşary ýurtlaryň ençeme şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga, hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy bar. 30-njy iýun — 4-nji iýul aralygynda halkara derejeli forumlaryň 17-si geçiriler.
Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy mynasybetli meýilleşdirilen halkara çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Arkadag şäheriniň desgalaryny ulanmaga bermäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen düýbi tutulan täze şäheriň gurluşygy ýokary derejede amala aşyryldy. Şeýlelikde, Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň ähli binalary açylyşa doly taýýar edildi. Şunda gurluşyklaryň ýokary hil derejesine, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna, milli binagärlik ýörelgeleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berildi.
Döwlet Baştutany bilelikdäki mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün Gurban baýramynyň ilkinji günüdigini belledi. Döwlet Baştutanysözüni dowam edip, ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyny ýazyp gutarandygyny aýdyp, şu gün çapdan çykan şol kitabyň mejlise gatnaşyjylara sowgat hökmünde gowşuryljakdygyny belledi.

