Hindistanyň Gujarat ştatynda agramy 0,329 karat bolan «almazyň içindäki almaz» tapyldy, täsin «matrýoşka» - almaza «Urýan ýürek» diýip at berdiler diýip, «MIR 24» ýazýar.
Hünärmenler tapyndynyň içinde erkin hereket edýän kiçi almaz daşynyň bardygyny gürrüň berdiler. Ol 2022-nji ýylyň oktýabrynda ýurduň Surat we Mumbaý şäherlerinde göwher önümçiligi bilen meşgullanýan «V D Global» kompaniýasynyň işgärleri tarapyndan tapylypdyr.
Daşyň hakykydygy ylmy seljermeler netijesinde subut edildi.
2019-njy ýylda zeýilli «matrýoşka» - almazy Sibirde tapdylar, onuň ýaşyny 800 million ýyl diýip kesgitlediler. Ondan öň Ýakudystanda tapylan dünýäde iň gadymy almaz daşynyň ýaşy bolsa 3,6 milliard ýyl diýen netijä geldiler.

