Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanlary mähirli salamlaşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler hem-de mukaddes Oraza aýy mynasybetli birek-biregi tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow şeýle-de eýranly kärdeşine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, mübärek Oraza aýy bilen bagly iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen döwletiniň Baştutany 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlady.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Seýed Ebrahim Raisi halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meselelerine degip geçip, häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça, aýratyn hem, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda tagallalary birleşdirmek babatynda garaýyşlaryň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini nygtadylar. Ýurtlaryň ikisiniň hem abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG we beýleki guramalar bilen netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanlary ähli ugurlarda, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda bar bolan mümkinçilikleri nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa toplumlarynda hem-de oba hojalygynda gatnaşyklary giňeltmek babatda uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Döwlet Baştutanlary türkmen-eýran söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn häsiýetini belläp, netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň we ösdürmegiň möhüm gurallarynyň biri bolup durýan bilelikdäki Hökümetara toparynyň işiniň ähmiýetini bellediler.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Seýed Ebrahim Raisi döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda halklaryň ýakynlaşmagynda, medeniýetleriň özara baýlaşmagynda möhüm orun eýeleýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ähmiýeti barada aýdyp, bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajypdygyny nygtadylar. Iki döwletiň mizemez dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, türkmen we eýran halklarynyň abadançylygynyň bähbidine ileri tutulýan ugurlarda netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini bellediler.

