Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygynda Angliýanyň «Liwerpul» topary Ispaniýanyň «Realy» bilen güýç synanyşar. Duşuşyk 21-nji fewraldan 22-nji fewrala geçilýän gijede «Enfild» stadionynda bolar.
Aşgabat wagty bilen 00:45-de başlanjak duşuşyga Türkmenistandan «Matç TW» teleýaýlymy arkaly tomaşa edip bolar.
«Liwerpul» «A» toparçada ikinji orny eýeläp, pleý-off tapgyryna çykdy. «Real Madrid» bolsa «F» toparçany birinji orunda tamamlady.
Bu duşuşyk Ýewropa kuboklaryny iň kän gazanan toparlaryň arasynda bolar. Iki topar hem Ýewropa kuboklaryny 20 gezek gazandylar.
Toparlar Ýewropanyň birinji derejeli klublaýyn ýaryşynyň finalynda biri-biri bilen üç gezek duşuşdylar. «Liwerpul» 1981-nji ýylda Parižde geçirilen finalda «Realy» ýeňen bolsa, «Real» 2018-nji ýylda «Kiýewde», 2022-nji ýylda bolsa Parižde üstün çykdy.
Çempionlar ligasynda «Liwerpul» bilen «Realyň» arasynda boljak bu duşuşygy Iştwan Kowaçyň ýolbaşçylygyndaky rumyniýaly eminler topary tarapyndan alnyp barlar.
UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 2022/23-nji ýyllardaky möwsüminiň final duşuşygy 10-njy iýunda Stambul şäherindäki «Atatürk» stadionynda geçiriler.

