Braziliýanyň Prezidenti Žair Bolsonary azyk önümlerini öndürijileri hem-de söwda torlaryny hümmetsizlenmäniň dowam edýän günlerinde nyrhlary peseltmäge çagyrdy diýip, TASS habar berýär.
«Häzirki agyr pursatlarda biz birek-birege goldaw bermelidiris» diýip, brazil döwlet Baştutany nygtady.
Bolsonaru söwda ulgamynyň işgärlerine az girdeji bilen oňňut etmegi maslahat berdi, bu, onuň pikiriçe, ilatyň agramly bölegine azyga çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berer.
Resmi maglumatlara görä, Braziliýada hümmetsizlenme maýyň jemleri boýunça ýyllyk aňladylmada 11,73 göterimi düzdi. Nyrhlaryň ösüşi ýylyň başyndan bäri 4,78 göterime deň boldy.

