“Ýeke özi öýde” filminiň ýyldyzy Makoleý Kalkin täze keşbe taýynlyk görýär, ol režissýor Pablo Larrainiň “Baý dümew” («Богатый грипп») filminde surata düşer. Filmde şeýle-de Rozamund Paýk we Daniel Brýul çykyş ederler diýip, “Deadline” neşiri habar berdi. Bu barada MIR24 ýazýar.
Ýorduma görä, näbelli dümew ýokanjy diňe barjamlylaryň we planetanyň täsirli adamlarynyň janyna howp salýar. Ilkibaşda näbelli dümew millarderleri ýok edýär, soňra millionlere ýokuşýar. Bu biržada çökgünlige getirýär.
Täze trilleriň surata alnyş işlerine 2022-nji ýylyň güýzünde başlanar.
41 ýaşly Makoleý Kalkin Roždestwo baýramy bilen bagly filmlerdäki çaga keşplerinden başga-da golaýda ekranlara çykan “Amerikan elhençlikler taryhy” («Американская история ужасов») we “Takwa Jemstounlar” («Праведные Джемстоуны») atly kinofilmlerde çykyş etdi.

