Gruzin we polýak alymlaryndan ybarat bolan arheologlar topary Kutaisi şäherinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda biziň eýýamymyzdan öňki XIV-XII asyrlar bilen senelenýän argonawtlar döwrüniň (gadymy grek mifologiýasynda «Argo» gämisinde Kolhidanyň kenaryna jadygöý goýnuň ýüňi üçin giden gahrymanlar) gadymy gap-gaçlarynyň üstünden bardy. Bu barada Gruziýanyň prezidentiniň diwanynyň habaryna esaslanyp, TASS habar berdi diýip, MIR24 ýazýar.
Gürrüň meşhur kolhid paltalarynyň materialyndan ýasalan gap-gaç barada barýar, şeýle-de antik dünýäden getirilen, “ekologik artefaktlar” diýlip atlandyrylýan gadymy grek önümleri hem ele salyndy, olar grek siwilizasiýasy bilen Günorta Kawkazyň arasynda söwda gatnaşyklarynyň bolandygyna güwä geçýär.
