Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, dabara Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, bu hoş habar geçen hepdede Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasyndan gelip gowuşdy. Aşgabat şäherine degişli güwänamanyň berilmegi ýurduň ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda gazanan üstünlikleriniň halkara derejede ykrar edilmeginiň subutnamasydyr.
Foruma BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan, BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew hem gatnaşdy. Çykyşlarda Türkmenistanyň döwlet syýasatynda tebigata aýawly garamak, onuň baýlyklaryny gorap saklamak hem-de köpeltmek, ykdysadyýete «ýaşyl» tehnologiýalary we ýörelgeleri ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýändigi bellenildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň martynda Halkara Nowruz gününe — Milli bahar baýramyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň eks-prezidenti, Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, ýurtda köp ýyllaryň dowamynda 145 milliondan gowrak bag nahalynyň ekilendigini bellemek gerek. Munuň özi aýratyn howa zolaklarynyň kemala gelmegine ýardam edip, sebitde ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine hem goşant goşýar.
