Polşaly Karolina Belýawska “Dünýä hanymy” diýen ada mynasyp boldy. Ol menejerlik ugrundan bilim alýar, haýyr-sahawat işi bilen meşgullanýar, öýsüzlere kömek edýär, model bolup işleýär.
Bäsleşikde ikinji orna ABŞ-dan Şri Saýni, üçünji orna Kot-d’Iwuaryň ýaşaýjysy Oliwiýa Ýaçe mynasyp görüldi.
Sylaglamak dabarasy Puerto-Rikoda geçdi, Halkara gözellik bäsleşigine dürli ýurtlardan gyzlaryň 97-si gatnaşdy, oňa bu ýyl ilkinji gezek Eýran we Somali hem öz wekillerini iberdi.

