Çalt garbanylýan McDonald's aşhanalar ulgamy Ýaponiýada ertirden, ýagny 24-nji dekabrdan başlap, diňe az mukdardaky ýeralma frisini satyp ugrar, sebäbi häzir bu tagam üçin çig mal ýetmezçiligi emele geldi diýip, The Guardian ýazýar.
Ýagny 30-njy dekabra çenli ýaponlar uly we orta porsiýadaky fri tagamlaryny sargyt edip bilmezler.
McDonald's öz garbanyşhanalary üçin kartofeliň Wankuwer deňiz porty arkaly üpjün edilýändigini, emma häzir onuň işiniň suw basmagy zerarly togtandygyny habar berdi. Galyberse-de, üpjünçilige ýokanç sebäpli emele gelen ählumumy çökgünlik hem päsgel berýär.
Şonuň üçin kompaniýa ýetmezçilikden ätiýaçlanyp, fri satuwlaryny çäklendirmek kararyna geldi diýlip habarda bellenýär.
Ýeri gelende aýtsak, Ýaponiýada dört sany McDonald's restorany bar.

