Hytaý Aýa we Marsa uçuşlary amala aşyrjak «Çançžen ― 9» raketasynyň suwuk ýangyçda işleýan täze hereketlendirijisiniň synag işlerini tamamlap barýar.
Motoryň ilkinji prototipi ýylyň ahyryna çenli doly synagdan geçiriler. Biz 200 tf kuwwatly YF-220 prototipi barada aýdýarys. Ol konfigurasiýa baglylykda, «Çançženiň» birinji we ikinji tapgyrlarynyň bir bölegi hökmünde birden dört mukdarda ulanylar.
Şeýle hem, YF-220 hereketlendirijisi bolan ilkinji raketanyň 2030-njy ýyla çenli işe girizilmegi meýilleşdirilýär.

