Gazagystanyň günortasynda 1300 ýaşly daş heýkel tapyldy. Gadymy türk döwrüne degişli hasaplanylýan heýkel Gazagystanyň günortasyndaky Türküstan şäherinden, takmynan, 250 kilometr uzaklykda tapyldy.
Ahmed Ýasawy Halkara Gazagystan-Türk uniwersitetiniň professory Muhtar Koja bu tapyndynyň iňňän gadymydygy barada aýtdy. Onuň Syrderaýanyň kenarynda ýaşan ilkinji ýaşaýjylaryň biridigi aýdylýar.
Profesoryň pikiriçe, şuňa meňzeş heýkeller bu sebitde öňem tapyldy, ýöne bu tapyndy oýulan çyzgylaryň adaty bolmadyk keşbi we sebäpleri bilen tapawutlanýar. Şeýle-de bolsa, arheologlaryň heýkelde kimiň şekillendirilendigi baradaky pikirleri tapawutlanýar.
«Vokrugsveta.ua» neşirine görä, heýkel Ahmed Ýasawy adyndaky Halkara Gazagystan-Türk uniwersitetiniň Arheologiýa gözleg institutyna iberildi.

