Durmuşyň häzirki zaman ritmi yzygiderli işjeňligi talap edýär we energiýa çeşmelerini doldurmak, kuwwaty dikeltmek zerurlygy ýüze çykanda, köpler energiýa beriji içgilerden peýdalanýar. Jon Hopkins uniwersitetiniň iýmitleniş lukmany Diana Wiztumyň pikiriçe, energiýa içgilerine ajaýyp oruntutar bolup biljek, hatda netijeliligi olaryňkydan pes bolmadyk tebigy içgiler barmak büküp sanardan has köp.
Bu içgileriň biri, içindäki kofeini energiýa beriji içgiler bilen deňeşdirilende azdygyna garamazdan, kofedir. Ol işjeňlik we ünsi jemlemek üçin ýeterlikdir. Gök çaýyň peýdalary bolsa gadymy döwürlerden bäri bilinýär, onuň düzümindäki käbir birleşmeler ýadawlygy aradan aýyrýar. Şeýle hem çaý bedeniň dartgynly ýagdaýlara garşy durnuklylygyny we energiýa ätiýaçlyklaryny ýokarlandyrýar.

