Şu gün – 8-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer P.Agamyradowyň we bilim ministri M.Geldinyýazowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda soňky aýlarda bütin dünýäde giňden ýaýran koronawirus ýokançlygyna garşy göreş boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutany wise-premýeriň we bilim ministriniň hasabatlaryny diňläp, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, koronawirus ýokançlygynyň öňüni almak üçin ýurduň ilatynyň ähli toparlary bilen saglyk gözegçiligi we lukmançylyk barlagy bilen bagly degişli çäreleri geçirmegi tabşyrdy. Prezidentiň sözlerine görä, munuň üçin etraplarda we şäherlerde iş meýilnamasyna laýyklykda başlajak ýörite lukmançylyk toparlaryny döretmek zerur. Döwlet Baştutanyny bu işi, ilkinji nobatda, çagalar baglarynda, mekdeplerde we uniwersitetlerde başlamalydygyny aýtdy.
“Watan” habarlar gepleşigine (08.04.2020) habar berlişi ýaly, iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow koronawirusyň döwletiň çägine getirilmeginiň öňüni almak üçin 2019-njy ýylyň dekabrynda işlenip düzülen meýilnamanyň durmuşa geçirilýändigini we onuň oňyn netije berýändigini, şeýle toplumlaýyn çäreleri yzygiderli alyp barmagyň zerurdygyny belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutany sporty, bedenterbiýe we sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmegiň möhümdigini aýtdy. Koronawirus ýokançlygyny bejermekde daşary ýurt tejribesi, keseliň saglygy erbet adamlar üçin howpludygyny, fiziki taýdan sagdyn adamlara zyýan bermeýändigini görkezýär.

