Şu gün 16:30-da «Köpetdag» stadionynda geçiriljek duşuşyk Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlaryny jemlär. Duşuşygyň baş emini paýtagtly Begenç Allaberdiýew bolar.
Ýokary ligada biri-birine goňşy bolan iki topar bu gezek kubok ýaryşynda güýç synanyşar. Geçen hem ýarym finalda «Ahal» bilen duşuşan «Köpetdag» finalda «Energetigi» ýeňip, arzyly kuboga eýe bolupdy. Çempionlyk ýaryşyndan ymykly yza galan «Ahal» üçin bolsa kubok AFK-nyň kubogy ― 2020-ä barýan ikinji bir ýol. Şonuň üçin hem Amangylyç Koçumowyň şägirtleri bu mümkinçiligi ýitirmek islemese gerek.
Şu gün kubok ýaryşlarynda 53-nji duşuşygyny geçirýän «Ahal» derwezesinde ýekeje pökgi görse, bu gol «Ahalyň» hut şu ýaryşda iýen 80-nji goly bolar. Gaýtadan döredilen «Köpetdag» bolsa 19-njy duşuşygyna çykar.

