Birleşen Arap Emirliklerinde futbol boýunça Aziýa kubogy gyzygy-gyzgalaňy bilen dowam edýär. Ilkinji duşuşyklardaky garaşylmadyk hasaplar ýa-da uly hasapdaky ýeňişler bu ýaryşy diňe bir aziýaly futbol janköýerlerine däl, eýsem, tutuş dünýä söýdürdi.
Ine, şu gün hem biziň üçin iň gyzykly duşuşyklar ― «F» toparçanyň oýunlary geçiriler. Çünki bu toparçada Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem bar. Ýaryşyň jemleýji toparçasynda biziň ýygymdyzdan başga-da Ýaponiýanyň, Özbegistanyň we Omanyň ýygyndylary çykyş edýär. Toparçadaky ilkinji duşuşyklar paýtagt Abu-Dabide Ýaponiýanyň we Türkmenistanyň ýygyndylarynyň arasynda geçirilse, Şarja şäherinde Özbegistan bilen Oman güýç synanşar. Duşuşyklaryň öňüsyrasynda biz bu dört milli ýygyndy barada kabir maglumatlary okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
ÝAPONIÝA
FIFA-nyň reýtingindäki orny: 50
Aziýa kuboklaryna näçe gezek gatnaşdy? 8 gezek (41 duşuşyk, 24 ýeňiş, 12 deňlik, 5 utulyş, pökgüler: 80-38)
Iň gowy netijesi: Çempion (1992, 2000, 2004, 2011)
Aziýa kubogy ― 2015-däki netijesi: Çärýekfinal
Baş tälimçisi: Majime Moriýasu (Ýaponiýa)
ÖZBEGISTAN
FIFA-nyň reýtingindäki orny: 95
Aziýa kuboklaryna näçe gezek gatnaşdy? 6 gezek (24 duşuşyk, 11 ýeňiş, 3 deňlik, 10 utulyş, pökgüler: 35-44)
Iň gowy netijesi: 4-nji orun (2011)
Aziýa kubogy ― 2015-däki netijesi: Çärýekfinal
Baş tälimçisi: Ektor Kuper (Argentina)
OMAN
FIFA-nyň reýtingindäki orny: 82
Aziýa kuboklaryna näçe gezek gatnaşdy? 3 gezek (9 duşuşyk, 2 ýeňiş, 3 deňlik, 4 utulyş, pökgüler: 6-11)
Iň gowy netijesi: Toparçalaýyn tapgyr (2004, 2007, 2015)
Aziýa kubogy ― 2015-däki netijesi: Toparçalaýyn tapgyr
Baş tälimçisi: Pim Werbek (Gollandiýa)
TÜRKMENISTAN
FIFA-nyň reýtingindäki orny: 127
Aziýa kuboklaryna näçe gezek gatnaşdy? 1 gezek (3 duşuşyk, 0 ýeňiş, 1 deňlik, 2 utulyş, pökgüler: 4-6)
Iň gowy netijesi: Toparçalaýyn tapgyr (2004)
Aziýa kubogy ― 2015-däki netijesi: Gatnaşmady
Baş tälimçisi: Ýazguly Hojageldiýew (Türkmenistan).

