Soňky habarlar

Arhiw

www.cbt.tm

0
4762
Web adres:
cbt.tm
ЦЕНТРАЛЬНЫЙ БАНК ТУРКМЕНИСТАНА

официальный сайт

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY
TMB

Türkmenistanyň bank ulgamy iki derejeli bank ulgamy bolup, ol Türkmenistanyň Merkezi bankyndan (TMB) we täjirçilik banklaryndan emele gelýär.

Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň milli bankydyr. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň (merkezi edarasynyň) ýerleşýän ýeri Aşgabat şäheridir. Onuň işi 2011-nji ýylyň 25-nji martynda kabul edilen «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we beýleki hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

TMB-niň esasy maksatlary şu aşakdakylardan ybarat bolup durýar:

1. manadyň durnuklylygyny üpjün etmek;

2. Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmek we pugtalandyrmak.

TMB-niň esasy wezipeleri:

ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň esasy ugurlarynyň taslamasyny işläp taýýarlaýar we ony Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň garamagyna berýär;
ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleri amala aşyrýar;
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk;lykda daşary ykdysady gatnaşyklarda pul kadalaşdyrmasyny we pul gözegçiligini özbaşdak we bank ulgamynyň üsti bilen guraýar hem-de amala aşyrýar;
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ýagdaýyna seljerme we çaklama geçirilmegine gatnaşýar;
milli pula gatnaşykda daşary ýurt pullarynyň resmi hümmetlerini belleýär;
pul belgileriniň emissiýasyny we olaryň dolanyşykdan alynmagyny amala aşyrýar hem-de Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul belgileriniň ýeke-täk emitenti bolup durýar;
Türkmenistanyň çäginde nagt pul dolanyşygyny guraýar;
pul belgilerini we beýleki gymmatlyklary hasaba almagyň, saklamagyň, daşamagyň we inkassasiýa etmegiň düzgünlerini belleýär;
pul belgileriniň we beýleki gymmatlyklaryň döwlet ätiýaçlyk gaznalaryny döredýär;
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda karz edaralaryny bellige almagy we ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrýar;
Türkmenistanda hasaplaşyklary geçirmegiň düzgünlerini belleýär we olaryň geçirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;
Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň hasaplaryna, karz edaralarynyň we beýleki müşderileriň hasaplaryna hyzmat edýär;
döwletiň ätiýaçlyk altyn goruny goşmak bilen, Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň (altyn pul aktiwleriniň) saklanylmagyny we hyzmat edilmegini üpjün edýär;
Türkmenistanyň kanunçylygyna we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna laýyklykda Türkmenistanda bellige alnan karz edaralarynda buhgalterçilik hasaba alnyş we maliýe hasabatlylyk ulgamynyň kadalaşdyrylmagyny amala aşyrýar;
bank hasaplaryny açmagyň we bank amallaryny geçirmegiň umumy düzgünlerini belleýär;
halkara guramalary we daşary ýurt döwletleri bilen, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň fiziki we ýuridik şahslary bilen hasaplaşyklary amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär;
karz edaralaryny gaýtadan maliýeleşdirmegi amala aşyrýar we olar üçin soňky basgançakdaky karz beriji bolup durýar;
Türkmenistanyň töleg balansynyň düzülmegini guraýar;
bank kadalaşdyrmasyny we bank gözegçilik barlagyny amala aşyrýar;
karz edaralary tarapyndan jenaýatçylyk ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy çäreleriň geçirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;
daşary ýurt korrespondent banklaryndan we beýleki karz edaralaryndan şertnamalaýyn şertlerde depozitleri kabul edýär;
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda karz edaralary tarapyndan gymmatly kagyzlaryň emissiýasyny bellige alýar;
Türkmenistanyň bank ulgamy üçin işgärleri taýýarlamaga gatnaşýar;
bank amallarynyň we geleşikleriň ähli görnüşlerini amala aşyrýar;
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz ygtyýaryna girýän beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler