Soňky habarlar
Arhiw
OKUW, BIZNES ÜÇIN ŞERTNAMALARYŇ, YNANÇ HATLARYŇ WE Ş.M. TÜRKMEN, RUS DILINDEN HYTAÝ DILINE WE HYTAÝ DILINDEN TERJIMESI
0
47
HALKARA şertnamalaryň, SÖWDA we hyzmatdaşlyk ylalaşyklarynyň, OKUW şertnamalarynyň terjimesi -----
Ynanç hatlarynyň terjimesi -----
Notarial edaralarda tassyklanan resminamalaryň terjimesi -----
Esaslandyryş resminamalarynyň (Düzgünnama), patent terjimesi -----
Islendik hukuk resminamalar terjime edilende dykgatlylyk bilen janypkeşlik talap edilýär. Sözleriň manysynyň üýtgedilmegi ýa-da iki dürli many berýän görnüşde beýan edilmegi, şertnamanyň ýa-da beýleki hukuk resminamalaryň şertlerine nädogry düşünmek bilen baglylykda erbet we çylşyrymly ýagdaý döredýän netije berip biler. Şonuň üçin hem şertnamanyň ýa-da beýleki hukuk resminamalaryň terjime edilmegini diňe hukuk ugry boýunça tejribesi bar bolan, ýörite terminleri (adalgalary) bilýän terjimeçilere tabşyryp bolar.
Her bir biznes we söwda pudaklarynda özüne degişli terminleriň (adalgalaryň) birnäçesi ulanylýar. Halkara söwda resminamalarynda ulanylýan diliň ýeke-täk nusgasyny döretmek üçin 1936-njy ýylda «Incoterms» (“Halkara söwda terminleri (adalgalary)” diýmekligi aňladýar) diýip atlandyrylýan düzgünleriň sözlük görnüşindäki jemi düzüldi. Terminlerden «Incoterms» boýunça peýdalanylmagy mynasybetli şertnamalaryň we beýleki hukuk resminamalaryň şertleriniň hem-de kesgitlemeleriniň birmeňzeş manyly düşündirilmegi üpjün edilýär. Meselem, hytaýlylar öz ýurdundan önüm satanlarynda FOB we CIF şertlerine laýyklykda satmaklygy gowy görýärler, sebäbi bu olar üçin has bähbitli bolýar. EXW şertlerine laýyklykda önüm iberilmegi bolsa, satyjynyň eksport etmek üçin ygtyýarnamasynyň ýoklugyny aňladyp biler.
------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------
«PAÝHAS AÇARY» TERJIME MERKEZI. --------
Habarlaşmak üçin: +99361 76-44-40; +99361 78-44-40 --------
E-mail: payhasachary1@gmail.com; payhas_achary@mail.ru --------
-------- Salgysy: Aşgabat ş., Parahat 2/1, Ýunus Emre köçesi 1, “Imperial” Halkara işewürlik merkezi --------
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler