Türkiýede okuw üçin resminamalaryň türk diline terjimesi

0
241
Eýesi:
Пайхас ачары
Salgysy:
Aşgabat ş., Parahat 2/1, Ýunus Emre köçesi 1, Imperial halkara işewürlik merkezi
Telefon belgiňiz:
+99361784440
Pocta:
payhas_achary@mail.ru
Soňky täzelenme:
Türkiýe respublikasyna okuwa gidýän raýatlar aşakdaky resminamalary türk diline terjime etdirýärler: Orta mekdebiň uçurymy üçin: - Orta bilim hakyndaky şahadatnama (attestat); - Mekdepden alnan soňky üç ýylynyň bahalary; - Biometrik (daşary ýurt) pasporty; Türkiýe okuwa kabul edilenden soňra wiza almak üçin resminamalaryň terjimesi: Türkiýeden talybyň okuwa kabul edilendigi baradaky çakylyk (Türkmenistanyň degişli guramalaryna tabşyrmak üçin türkmen diline terjimesi); – Eger wiza resmileşdirmekçi bolýan şahs eýýäm talyp bolup okap ýören bolsa, onda onuň talyplyk güwänamasy (Türkmenistanyň degişli guramalaryna tabşyrmak üçin türkmen diline terjimesi); - Onuň okajak döwründe zerur bolan çykdajylaryny çekjek hemaýatkäriniň notarial edarada resmileşdirilen arzasy, şol hemaýatkäriniň iş ýerinden alnan zähmet haky baradaky güwänamasy, soňky 3 aýyň dowamynda alnan bank hasabat ýazgysy, gozgalmaýan emläk şahadatnamasy we beýleki tassyklaýjy resminamalar (türk diline terjimesi); - 18 ýaşa ýetmedikler üçin ene-atasynyň ikisiniň hem notariusda resmileşdirilen razylygy, soňra Adalat we Daşary işler ministrliginde tassyklanmaly hem-de türk diline terjime edilip, Türkiýeniň Aşgabatdaky konsullygynda tassyklanmalydyr (hatda ene-atasy aýrylyşan bolsalar hem olaryň ikisiniň-de razylyk bermegi zerurdyr); - 18 ýaşa ýetmedikler üçin Dogluş hakynda şahadatnamasy – ilki bilen notariusda, soňra Adalat we Daşary işler ministrliginde tassyklanan bolmaly (türk diline terjime edilip, Türkiýeniň Aşgabatdaky konsullygynda tassyklanmalydyr); - Nika baglaşylandygy hakyndaky şahadatnamasy (bar bolan ýagdaýynda).

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler